Türk estradasynyň ýyldyzlary Aşgabatdaky çykyşlaryndan soňra özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar

Türk estradasynyň meşhur ýyldyzlary Mustafa Sandal we Irem Deriji Aşgabatda geçirilen konsertden soň özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar.
Aýdymçylar ýene-de Aşgabadyň sahnasynda çykyş edendiklerine şatdygyny bellediler. Olar konserte gatnaşan, olara goşulyp artistleriň hitlerini aýdan her bir türkmenistanla minnetdarlyk bildirdiler.
«Men her gezek Türkmenistana gelenimde özümi edil öz öýümde ýaly, öz ene topragymda ýaly duýýaryn» – diýip, Mustafa Sandal söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýyldyzlaryň aýtmaklaryna görä, Aşgabatdaky köpçüligiň ýürek hyjuwlary we mähir garşylamasy ýatdan çykmajak agşamyň esasy «joşgun berijisi» boldy.
«Öz döredijilik işimiň 10 ýylynyň dowamynda men Türkmenistandaky ýaly mähirli garşylama, myhmana bolan şeýle duýgulara beslenýän gatnaşygy görmedim» – diýip, çykyşdan soňra Irem Deriji belledi.
Täze 2023-nji ýylyň gutlaglaryny paýlaşmak bilen, artistler türkmen halkyna we planetanyň her bir ýaşaýjysyna saglyk we abadançylyk arzuw etdiler.
ORIENT habarlar
Surat we wideo şekil: Türkmenistanyň döwlet teleradiosy